TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Altyn top» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çagalar wagtyny gyzykly we täsirli geçirdiler. Bu bäsleşikde ýaşlar öz aralarynda «Hazar» hem-de «Gämi» toparlaryna bölünip, özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Annajemal NURJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 3 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 3 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY

28 Oktýabr 2025 | 61 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER