WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Saglygyň gadyryny bilgil hasta bolmazdan burun» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adam baradaky aladanyň esasy orunda durýandygy we asuda abadan ýurtda sagdyn ýaşamak üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek TEJENGELDIÝEWA,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar Guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI