SPORTDAN - BAŞLANÝAR HER BIR GÜNÜMIZ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Sportdan – başlanýar her bir günümiz» atly sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Bu ýaryş ýaş nesilleri sporta höweslendirmek maksady bilen dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelere eýermegi gazanmak maksady bilen geçirildi. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda Jeýhun çagalar topary ýeňiji boldy. Ýaryşda ýeňiji bolan çagalar toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şamyrat NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 16 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 6 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY