BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly telegepleşik ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýazgy edilen bu gepleşikde ýurdumyzyň gazanýan belent üstünlikleri, üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem-de eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki eýeleýän möhüm orny barada gyzykly söhbet edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, aýdyň maksatly alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI