GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ruhubelentligiň, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany bolan Diýarymyz häzirki wagtda dünýä ýüzünde sportuň ýurdy höküminde uly meşhurlyga eýedir. Bu bolsa sportuň dabaralanýan zamanasynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň öz beýanyny tapýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Sporty ösdürmekde, ynsan saglygyny gorap saklamakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmakda durmuşa geçirilen hem-de alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

     Şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarynyň arasynda sportuň şaşka-şahmat görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş diýseň çekeleşikli geçip, ýeňiji bolan ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň sowgatlary bilen sylagladylar.

 

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 10 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 8 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

20 Awgust 2025 | 13 okalan

DABARALY GEÇEN MASLAHAT