ÝOLUMYZ ASUDA BOLSUN!

     Ýakynda Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň 35-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Ýolumyz asuda bolsun!» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Körpeler bilen geçirilen çärede ýol hereketiniň düzgünleri, kadalary, ýol belgileri we olaryň aňladýan manylary dogrusynda gürrüň berildi. Ýolyşygyň çyralarynyň reňklerine görä edilmeli hereketleriň oýunlar arkaly öwredilmegi täsirli boldy. Birnäçe suratlardyr wideoşekiller bolsa, çagalaryň ýol hereketi baradaky düşünjelerini has-da artdyrdy.

 

Baýramgül HEMRAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 9 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 8 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

20 Awgust 2025 | 13 okalan

DABARALY GEÇEN MASLAHAT