MILLI MUKADDESLIKLERIMIZE SARPA

       Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň edebilik nyşany bolan Konstitusiýamyzyň hem-de ýaşyl tugumyzyň gününiň bilelikde toýlanylmagy durmuş hakykaty bilen berk baglanyşyklydyr. Bu goşa mukaddeslik eziz Diýarymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň berk binýadydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň göşbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşen agzybir halkymyz Esasy Kanunymyzyň binýatlyk kadalaryna daýanmak bilen mukaddes tugumyzy belentde parladyp, gurýar, döredýär, röwşen geljege tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Belentde pasyrdaýan baýdagymyz diňe bir milletimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, milli mukaddesligimiziň nyşany bolman, eýsem, watansöýüjiligiň, parahatçylygyň we baky berkararlygyň buşlukçysydyr.

       Türkmenistanyň Konstitusiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günlerimizden ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň Esasy Kanunyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýa döwrüň talaplaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Konstitusiýamyz ata Watanymyzyň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, ol özünde watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly mukaddes düşünjeleri jemleýär. Ata-babalarymyz duz-çörege, saçaga mukaddeslik hökmünde garap, hemişe olara sežde edip gelipdir. Ýaşyl Tugumyz hem şeýle mukaddeslige eýedir. Onuň öňünde dyz epip, sežde edip üç ýola ýüze sylynmagy onuň mertebe binýadynyň çäksizdiginiň alamatydyr. Asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl tugumyz halkymyzyň nurana geljeginiň, bagtyýarlygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň, parahatçylykly ýaşaýşyň kepilidir. Ýaşyl tug — ýaşaýşyň gözbaşy, asuda durmuşymyzyň buşlukçysydyr. Türkmeniň ýaşyl baýdagynyň reňki diňe bir ýaşaýşyň, ýagşylygyň, hoşniýetliligiň nyşany däl-de, ol beýik Oguz han türkmeniň mundan bäş müň ýyl ozal göteren baýdagynyň hem dowamatydyr. Biziň Baýdagymyza ata-babalarymyzyň ruhy siňendir. Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bardygyny äleme jar edýär. Bu baýdagy synlanyňda halkymyzyň geçmişi, şu güni, röwşen geljegi göz öňüne gelýär.

       Bizi döwletli döwrana ýetirip, halkymyzyň bähbidini ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Dursunjemal SARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Iýun 2024 | 0 okalan

GURBANLYGYŇYZ KABUL BOLSUN!

15 Iýun 2024 | 18 okalan

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY