GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ESERINDEN

Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin örän ähmiýetli mekan, uly wakalaryň, siwilizasiýalaryň mesgeni boldy. Bu toprakda ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet, sungat gülläp ösdi. Biziň ata-babalarymyz bilimde öňdebaryjylar bolupdyrlar.

Irki ekerançylyk zamanasynda türkmen topragynda Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerler döräpdir.

Ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleri, guran beýik döwletleri adamzadyň taryhynda lowurdap durandyr. Ol döwletler ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdapdyr.

Biz – bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz-türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris.

Türkmenistany dünýä taryhynyň ösüşinde Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür bilen deň derejede goýýan alymlar mamladyr. Munuň özi eýýäm ylmy taýdan subut edilen, dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Şeýle şöhratly taryhy dünýä beren ata-babalarymyz, elbetde, ruhy-medeni baýlyklary hem miras galdyrdy. Ol baýlyklar biziň bahasyz milli baýlyklarymyz bolmak bilen, bütin adamzat üçin hem juda ähmiýetlidir, olaryň dünýä gymmatlyklarynyň arasynda öz mynasyp orny bardyr.

Biz ata-babalarymyzyň mirasdüşerleridiris. Başda-da belleýşim ýaly, ata-babalarymyzyň ynam-ygtykadyny, däp-dessuryny, dinini, ýörelgesini, bütin ruhy-medeni gazananlaryny öwrenmek, olary döwre görä öňe alyp gitmek işi bu gün biziň egnimize düşýär. Döwletliligimizi mundan beýläk-de ösdürmek, berkitmek, onuň hiç mahal mizemezligini gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr, iň belent wezipämizdir. Muňa hötde gelmek üçin halkymyzyň ynanjyny hem mertebesini kesgitleýän milli ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmegimiz, olary aýawly saklamagymyz we ösdürmegimiz zerur.

Biziň hiç mizemejek milli ruhy gymmatlyklarymyz berkarar döwletliligimiziň sarsmaz polat sütünleridir!

Meňzeş habarlar

08 Dekabr 2022 | 1887 okalan

DANA BARADAKY ROWAÝATLARDAN

07 Dekabr 2022 | 436 okalan

ÝEDITOP