Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» eserinden

Anna aga öz başarnygyny oglan okatmak, çagalary hatly-sowatly etmek üçin gysgananok. Aslynda ol «meýletin mekdebine» gelýän çagalary öz perzentlerinden aýry görmese näme! Anna aganyň okadyş usulam üýtgeşik. Hasabam öwredýär. Gamyşdan ýasalan dürli hasap taýajyklary öwredilýän sapagyň çagalaryň aňynda berk galmagy üçin gerek. Ýa-da, ine, aşykly hasap...

Mugallym Merediň eline ýedi sany aşygy sanap berýär:

– Men saňa ýedi sany goýun berýärin. Näçe sany goýun berdim saňa?

– Ýedi aşyk.

– Ýok, men saňa ýedi sany goýun berýärin, näçe goýnuň bar?

– Ýedi aşygym... Wiý, ýedi goýnum bar, mollam!..

– Dogry, ýedi goýun. Men saňa ýene iki sany goýun berýärin. Indi seniň goýunlaryň sany näçe boldy?

– Ýene iki aşykmy? Wiý, iki goýun. Hm...

Aşyklary ýeke-ýeke sanap çykan çaga:

– Dokuz aşyk, mollam! – diýip, şatlykly seslenýär.

– Hä-äk, oglum, bu bolşuňa ömrüňi aşyk sanap geçäýmeseň ýagşydyr.

...Başga bir gezek okuwçylaryň ekabyrragy:

– Anna kaka, bize diňe goşmagy öwredýärsiň-laý! Aýyrmagy öwretjek dälmi?

– Aýyrmagy durmuşyň özi öwreder, oglum. Men bir size goşmagy öwredeýin.

Meňzeş habarlar

01 Oktýabr 2022 | 246 okalan

«PAÝHAS ÇEŞMESI» ESERINDEN NAKYLLAR

01 Oktýabr 2022 | 118 okalan

ŞYGYRDAN TÄSIRLI JÜMLELER