BAGT ÜÇIN GÖREŞMEK

Ýygnaklaryň birine 500 adam gatnaşdy. Onda çykyş edenleriň biri toparlaýyn iş geçirmekligi teklip etdi. Bu işe oňa gatnaşyjylaryň her birine çişirilen şar bermek bilen başlaýar. Her kim özüne berlen syýasy bilen şaryna öz adyny ýazmalydy. Soňra ähli şarlar ýygnalyp, bir otaga salyndy.

Gatnaşyjylaryň ählisi otaga getirildi we 5 minudyň içinde ady ýazylan şaryny tapmaklyklary tabşyryldy. Her kim elinde baryny edip, bir şardan beýleki şara ylgap, öz adyny tapjak boldy. Gatnaşyjylar bir-biri bilen çarpyşdylar, itişdiler, netijede hiç kim öz ady ýazylan şaryny tapmady.

Soňra çykyş ediji hemmelere bir şar almaklygyny we şol şarda ady ýazylan adama bermekligi tabşyrdy. Gysga wagtyň içinde her kim öz şaryna eýe boldy.

Çykyş ediji şeýle diýdi:

«Ynha durmuşda şeýle wakalary köp görýäris. Her kim jan edip bagty gözleýär we nirededigini bilmeýär. Aslynda welin biziň bagtymyz başgalaryň bagtynda. Siz bagty olara beriň, siziňkem size geler we adamlaryň esasy maksady-da bagt üçin göreşmekdir».

 

Türkmençilikde «Bagtlyny yzlama, bagt ýoluny yzla» diýilýär. Bagtyň ýolunyň ilkinji salgysy bolsa özgeleri bagtly etmekdir. Birek-biregi sylamak, hormatlamak, bagtly etmek, söýgi, hormat içre arzylamak biziň öz elimizdedir.

 

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

iş dolandyryjysy.

Meňzeş habarlar

12 Ýanwar 2022 | 68 okalan

SÖZÜŇ GÜÝJI

04 Ýanwar 2022 | 224 okalan

BAGTY GÖZLEMEK (Tymsallar)

04 Ýanwar 2022 | 186 okalan

BAL SATÝAN ÝIGIT (Tymsallar)