Arzuwym wysal boldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini  beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şulardan ugur alyp, ynha şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli, ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda , medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda,saglygy goraýyşda okaýan, zähmet çekýän, aýratyn zehini, döredijiligi bilen tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Maňa-da şu dabarada Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi.

Hormatly Prezidentimiz:  Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin, ilki bilen, bilimli, ruhy baý, maksada okgunly, sagdyn pikirlenmäge ukyply, Watana wepaly kämil nesli kemala getirmeli” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär.  Biz ýaşlar, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, geljekde Watana, il-ulusa wepaly ýaşlar bolup ýetişeris. Ýaş nesli ýagty ertirlere  sary alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Owadan Begjanowa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

19 Noýabr 2021 | 298 okalan

Arzuwym wysal boldy