Ýakynda Tejen şäherindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlaryň arasynda Sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milli watansöýijiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllygy wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen “Berkarar döwlet-sagdyn jemgyýet” diýen şygar astynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri K.Nurberdiýew, TDP-nyň Tejen şäher komitetiniň başlygy S.Annaýew, Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň birleşmesiniň başlygy E.Seýidowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollaryny seljermek barada uly işler durmuşa geçirilýär hem-de şäherimiziň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, berjaý edilmeli düzgün-tertip barada, ýagny agyz-burun örtüklerini dakynmagyň şertlerini doly we dogry berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak we kadaly iýmitlenmek, gök önümlerdir miweleri hem-de arassa agyz suwuny köpräk içmekligi maslahat bermek bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar diýip belläp geçdiler.
Täzelikler
Berkarar döwlet — sagdyn jemgyýet
05 Noýabr 2021
10754
Meňzeş habarlar
04 Iýul 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
AZERBAÝJANDA TOPH WE TOP TASLAMALARY BOÝUNÇA...
01 Iýul 2025
| 36 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
MEJLISIŇ WEKILLERI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ...
28 Iýun 2025
| 39 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>