PÄHIM BOSSANY

Eger bir akylly adam ýalan sözlese, ony uzak wagtlap özi hem unudyp bilmez.

* * *

Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň dogry sözüne hem ynanmaz.

* * *

Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir.

* * *

Söz aýdyjy tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç – gylyç salyjynyň güýjüne görä keser.

* * *

Akylly akyly bilen, ýolbars güýji bilen.

* * *

Ähli zat akyla mätäçdir. Akyl tejribä mätäçdir.

* * *

Akylly özüniň arzuw-islegleriniň uýanyna erk edip bilýän kişidir.

* * *

Akyl bilen tejribe biri-birine ýardam etmekde, göýä, suw bilen toprak ýalydyr. Eger olaryň birden-biri bolmasa, onda biriniň ýeke özüniň ýerden ösümlik çykarmaga güýji ýetmez.

* * *

Diňe öz garaýşyna esaslanýanyň pikiri dogry bolmaz.

* * *

Edepleriň iň gowusy, eýesiniň öwünmedik edebidir.

* * *

Adamyň gözleri onuň kalbynyň salgysydyr.

* * *

Ýagşy niýet edilmeli işleriň ýarysydyr.

* * *

Gaharlanmaýan adamyň mydam pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanman, diline gelen sözi aýdar.

Toplan Döwran DURDYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

14.01.2020ý.