Şeýle şygar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede toýlanylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde yglan etmeginde geçirilen bäsleşige ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň çeper höwesjeň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
.jpg)
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň belent ösüşlerini joşgunly wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde I, II, III ýyl talyp ýaşlar özara bäsleşdiler.

Düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, ýurdumyzyň döwrebap mümkinçilikleri, Arkadag şäheriniň aýratynlyklary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini açyp görkezýän edebi-çeper kompozisiýalary, çeper okaýyşlary, aýdym-sazly çykyşlary, şol sanda aýdyşyk aýdymlary, türkmen halk aýdymlary, talyp durmuşyndan degişme sahnalary, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalar, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini janlandyrýan teatrlaşdyrylan sahna oýunlary ýerine ýetirildi. Ussatlarça ýerine ýetirilen çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna eýe boldy.

Joşgunly we hyjuwly çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna buýsanç, Watana bolan söýgi, geljege bolan ynam bar.
Ýokary ruhubelentlige eýe bolan bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.












