Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaşlara jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ahlak we ynsanperwerlik ýörelgeleri dogrusynda täsirli çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzy şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
esasy hünärmeni.