Şu gün Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesinde 3 kilometr aralyga köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we biziň ýurdumyzda işlemäge hukukly diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Aşgabatdaky hindiler, höwesjeň türgenler we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.
Sport ýaryşy «Viksit Bharat Run 2025»-iň howandarlygynda geçirildi. Şu şygar astynda geçirilýän çäreler hindi diplomatik wekilhanalarynyň goldawy bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýar.
Bu ýaryş sagdyn durmuş ýaşaýyşyny, raýdaşlygy we 2047-nji ýyla çenli ýurduň doly ösüş gazanmagyny üpjün etmek maksady bilen, raýatlaryň bilelikdäki sport we medeni çärelere gatnaşmagyna gönükdirilen «Viksit Bharat» (Ösen Hindistan) umumy milli başlangyjyň bir bölegidir. Bu ýyl Hindistan garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyny bellär.
Sergin howaly säher çagynda geçen Aşgabat ýaryşyna ýaşlar, orta ýaşly we garrylyga gadam basan adamlar gatnaşdy. Olar şeýtmek bilen, sportly durmuşa bolan söýgüsini mälim etdiler, şeýle hem Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk ruhunda ösýän gatnaşyklary goldadylar.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi we ilçiniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Ganesh Haloýyň düşündirişi ýaly, şu ýyl Aşgabady-da goşmak bilen, dünýäniň 150 şäherinde köpçülikleýin ylgaw ýaryşlary geçirildi. Sport we medeni çärelere dürli ýurtlaryň raýatlary gatnaşdy diýip, hindi diplomaty nygtamak bilen, ýurdunyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
turkmenistan.gov.tm
30.09.2025