BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ KÄMIL ÝAŞLARY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlary berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda köpdürli çäreler geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 42-nji orta mekdebinde Dänew etrap Prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, Dänew etrap Polisiýa bölüminiň we Dänew etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 42-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary – bagtyýar geljegiň binýady” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, tertip-düzgüni berjaý etmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýermek barada belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Rahmet BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 18 okalan

SPORT SAGLYK – SAGDYNLYK

24 Sentýabr 2025 | 14 okalan

ÝOLLARYMYZ ASUDA – ILLERIMIZ ABADAN

24 Sentýabr 2025 | 14 okalan

KITAP ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY