BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny kabul etmegi bilen, Türkmenistanyň taryhynda täze şöhratly sahypa açyldy. Her bir ädiminde, her bir başlangyjynda Bitaraplyk syýasatyna ygrarly ýurdumyz ynsanperwer ýörelgelere eýerip, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edilip, Bitaraplyk derejämiz üçünji gezek ykrar edildi. Munuň özi Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde şöhratly ýol geçen ýurdumyzyň dünýäde agzybirligi we parahatçylygy kepillendirmek, howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmek, ykdysady we ekologiýa meseleleri çözmek ugrunda tagallalaryny dowam etjekdiginiň kepilidir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlamagyň öňüsyrasynda ýatda galyjy, şanly wakalaryň yzygiderli bolup geçmegi külli türkmen iliniň buýsanjyny goşalandyrýar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşy we ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Amanbagt KÖMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 83 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 94 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA

18 Sentýabr 2025 | 185 okalan

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY