Güýz paslynyň gelmegi bilen tebigata üýtgeşik rahatlyk aralaşýan ýaly bolýar. Her gülüň ysynyň aýry bolşy ýaly, her paslyň hem özüne mahsus gözelligi aýratynlygy bar. Güýzüň gelmegi bilen, gündizler gysgalyp, gijeler uzap başlaýar. Bu döwürde Gün tomusdaky ýaly gözýetimde ýokary galmaýar, ýumşak ýagtylygy bilen tebigaty gujaklaýar. Altyn güýzüň sarylyga beslenip, ýapraklaryň gyzylymtyl-sary, açyk-ýagty reňklere boýanmagy tebigata özboluşly gözellik çaýýar.
Islendik döredijilik adamsy tebigatdan ylham alýar. Güýz köp döredijileriň söýýän pasly, bu döwür şahyrlary, suratkeşleri täze döredijilik eserlerine ruhlandyrýar.
Güýz mukaddes duýgulardan, umytlardan we täze arzuwlardan doly pasyl. Güýz şatlygy, umydy, bereket-bolçulygy wada edýän möwsüm. Güýz pasly daýhanyň ýylboýy azabynyň rehnedini görýän, ekenini orýan, hasylyny ýygnaýan möwsümi.
Güýz pasly hemmelere rowaçlyk, bereketlilik getirsin!
Aýgül DODYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.