Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — mähriban türkmen topragymyz asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda gysga hem-de howpsuz üstaşyr ýolagçy we ýük gatnawlarynyň mekany bolupdyr.
Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerde ýerleşmegi halkara we sebit derejesinde ösen, bäsleşige ukyply ulag-logistika ulgamyny döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda deňiz, awtomobil, demir ýol, howa we turba geçiriji halkara multimodal logistik taslamalary giň gerimde amala aşyrylýar.
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň umumy meýdany 156 gektara ýakyndyr. 8 bölekden ybarat bu iri häzirki zaman desgasy umumy infrastruktura işleri bölegi, gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, ýolagçy we ýük terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly, demir ýol parom terminaly, polipropilen terminaly ýaly iri gurluşlary öz içine alýar. Portuň gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 1 müň 800 metrdir. Ol bir wagtda gämileriň 17-sine hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir.
Portuň kuwwaty bir ýylda ýolagçylaryň 300 müňüsine, şeýle hem ýük ulaglarynyň 75 müňüsine hyzmat etmäge barabardyr. Ýük geçirijilik ukyby, nebit önümleri hasaba alynmadyk ýagdaýynda, 17 million tonnadyr.
Halkara ýük we ýolagçy gatnawlarynyň barha ösýän häzirki döwründe Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, içerki hem-de üstaşyr ulag gatnawlarynyň berýän mümkinçilikleri sebitde ýurtlaryň, halklaryň, döwletleriň parahat, asuda, jebis ösüşlerine giňden ýardam berýär.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.