Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň Tikin fabriginde zähmet çekýän ýaş dokmaçylaryň gatnaşmagynda «Äleme bellidir türkmen dokmasy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda, biziň ýurdumyzyň dokma pudaklarynda öndürilýän önümlere diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary ýurtlaryň hem uly isleglerine mynasyp bolýandygy, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa daşary ýurtlaryň öndürýän önümleriniň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýändigi, şol bir wagtyň özünde, öndürilýän önümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak we olaryň ekologiýa taýdan arassa, adam bedenine ýaramly bolmagyna hem uly üns berilýändigi.nygtalyp geçildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy bolsa ýurdumyzyň şöhratyny we at-abraýyny barha artdyrýar.
Çäräniň ahyrynda, dokma pudagyny ösdürmekde, Türkmenistan döwletimizdäki öndürilýän önümlerimizi dünýä ýüzüne çykarmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurjemal NEPESOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly
ulgam boýunça hünärmeni.