SEBITDE YLALAŞDYRYJY MERKEZ

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklaryny bitaraplyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýäde parahatçylygy ýola goýmaga, pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Sebitde we dünýäde abadançylygy we gülläp ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalara mynasyp goşant goşýar.

Gysga döwrüň içinde dünýäniň çalt depginde ösýän we özgerýän, ykdysady kuwwaty ýokarlanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarýan döwletleriň birine öwrülen ýurdumyz halkara guramalary bilen netijeli işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine täzeden täze umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary öňe sürýär. Dünýä döwletleri ýurdumyzyň bu ynsanperwer başlangyçlaryny goldaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň sany artýar. Olar bilen gyzyklanýan, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän döwletler köpelýär. Diýarymyzyň iň gözel künjeklerinde geçirilýän şeýle çärelerde gatnaşyjylar üçin dürli meseleler boýunça netijeli gepleşikleri, dialoglary, duşuşyklary geçirmek üçin iň amatly şertler döredilýär.

Bu çärelere Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryny nusgalyk ýörelge edinýän ýaşlarymyzyň hem giňden çekilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle çärelere işjeň gatnaşmak bilen, ýaşlarymyz uly tejribe toplaýarlar. Taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan wakalaryň şaýady bolýarlar.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 50 okalan

BITARAPLYK - BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

13 Awgust 2025 | 48 okalan

SEBITDE YLALAŞDYRYJY MERKEZ