SAGDYN ÝAŞLAR WATANYŇ DAÝANJY

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň guramagynda ýaş türgenleriň gatnaşmaklarynda «Sagdyn ýaşlar – eziz Watanyň daýanjy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlary kemala getirmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň bedenterbiýe we sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu ýaryş, diýseň çekeleşikli boldy. Bu sport ýaryşyna gatnaşanlar ýaşlar üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Amangözel EŞEROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Gumdag şäherçe bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar