Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler netijesinde, olaryň jemgyýetiň dürli ugurlaryndaky işjeňligi yzygiderli artýar. Bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ýaşlaryň bilimli, ösen dünýägaraýyşly şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini gazanmak bilen bir hatarda, eýsem, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge hem giň ýol açýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy hem aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Şeýle hem, bu duşuşyga ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş telekeçiler, startap ýolbaşçylary, sanly ulgam boýunça tejribeli hünärmenler, programmistler we döredijilikli ýaşlar gatnaşdylar. Olar duşuşykda ýaşlaryň arasynda sanly ykdysadyýet, elektron söwda, marketing we maglumat howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar.
Duşuşykda çykyş eden hünärmenler häzirki döwürde dünýäniň innowasiýalar asyryna gadam basandygyny, ýaşlaryň bolsa bu ösüşden yza galmazdan öňdebaryjy pikirleri hemmetaraplaýyn özleşdirmegi başarmalydygyny bellediler. Sanly ulgam arkaly telekeçilik işini başlamagyň mümkinçilikleri, onuň artykmaçlyklary, degişli platformalaryň ulanylyşy we dünýä bazarlaryna çykmak üçin zerur bolan başlangyçlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda aýratyn ünsi çeken pursatlaryň biri hem ýaş telekeçileriň arasynda çykyş eden gatnaşyjynyň “Startap döretmegiň amerikan tejribesi” atly çykyşy boldy. Ol çykyşynda ABŞ-da ýaşlaryň täze pikirler bilen bazara girişmek tejribesi, inkubatorlaryň we akseleratorlaryň işiniň nähili ýola goýlandygy, başlangyç taslamalaryň maliýeleşdirilmegi we şol ulgamda döredijilik bilen ykdysady düşünjäniň utgaşdyrylyşy barada täsirli maglumatlary paýlaşdy. Bu tejribe ýaşlara halkara derejesindäki başlangyçlara göz ýetirip, öz pikirleriniň hem dünýä derejesine çykyp biljekdigine bolan ynamyny güýçlendirdi.
Şeýle hem, duşuşykda ýaş telekeçiler özleriniň sanly ykdysadyýetdäki ilkinji ädimleri, üstünlikli taslamalary, öňe sürýän täzeçil pikirleri bilen çykyş etdiler. Bu duşuşyk gatnaşyjylaryň arasynda özara tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, täze pikirleri bilelikde durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle derejedäki çärelere gatnaşmaklarynyň olaryň ösüşinde möhüm orun tutýandygyny, ýaşlaryň ykdysady başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge döwlet derejesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlara bildirýän uly ynamy, döredýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Azim HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Dolandyryş-hojalyk bölüminiň müdiri.