Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri milli medeniýetimiz, sungatymyzy, taryhy we tebigy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek hem-de olary tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwürmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz şöhratly taryhda ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Umuman, pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen baglylykda emele gelen we nusgawy gymmatlyga öwrülen köp öwüşgünli mirasymyz milli özboluşlylygyň binýadydyr.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Dänew etrap Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş Muzeýinde “Milli miras nesillere görelde” atly wagtlaýyn sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlar sergä gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi ösdürmekde hem-de gaýtadan dikeltmekde bimöçber aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Serdar JUMAMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.