Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň wekilleri hem-de “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň mugallymy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar çagalaryň dynç alyş günleriniň has hem täsirliligini artdyrmak maksady bilen, aýdym aýtmak, goşgulary çeper okamak, kitap okamak boýunça yzygiderli bäsleşikleriň gurnalýandygy barada belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, şeýle hem medeniýetli dynç almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölümiň Sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.