SPORT – KÄMILLIGE BADALGA

Golaýda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we täsirli geçirmeklerini, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny  gazanmak şeýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen «Sport – kämillige badalga» atly sportuň basketbol görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýaş türgenleri gatnaşdylar. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan türgenler ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagy, sagdyn berk bedenli bolmaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT BAGTYŇ AÇARYDYR

11 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA