SAGDYN NESIL

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň, Hojambaz etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda çagalaryň döredijilige we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen körpeleriň arasynda «Sagdyn nesil» atly köçe ýol hereketi boýunça ýaryş geçirildi.

Bu ýaryşda çagalar köçe ýol hereketinde ägä bolmagyny, ünsli ýoldan geçmegini sahna üsti bilen görkezdiler. Mundan başga-da bu ýerde bagtyýar körpeler özleriniň taýynlan goşgulary, aýdymlary hem-de türkmen halk ertekilerinden taýýarlan parçalary bilen çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Akjagül NURÝAGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT BAGTYŇ AÇARYDYR

11 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA