Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Gökderedäki «Muhammetmyrat Nyýazow» adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen «Sagdyn nesil — sagdyn geljek» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
Sportuň küşt, şaşka, surat çekmek, ýüp çekmek ýaly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda çagalar öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çärä işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan körpelere Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek TEJENGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.