ÇAGALARYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY — PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ AÝDYŇ KEPILI

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Bagtyýar nesiller” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň bagtyýar durmuşy — parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň kepili” atly şygar bilen medeni köpçülikleýin çäreleri geçirildi.

Çäräniň dowamynda Köpetdagyň jülgesinde tebigatyň gözel, jana şypaly ajaýyp ýerlerinde wagtyny hoş geçirýän körpeleriň ýerine ýetirmeginde Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şowhunly çäreler, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat duşuşyklary hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergileri şadyýan çagalar üçin örän täsirli boldy. Bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle hem, çagalar “Wirtual muzeý” taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat etdiler. Döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar sanly ulgamyň üsti bilen muzeýe 360 gradus derejede wirtual syýahat edip, kiçijek gönükdiriji belgileriň üsti bilen suratlar, muzeý gymmatlyklary barada giň maglumatlary öwrendiler. Şeýle ajaýyp çäreleriň geçirilmegi Gökderede dynç alýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döretdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpeleriň göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar