Medeniýet hepdeliginiň çäginde Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» atly dutar we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak boýunça sergisi hem-de ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň konserti geçirildi. Diýarymyzyň dürli ýerlerinden dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda bolan çäräniň çägindäki sergide milli saz gurallary, şol sanda dutardyr gyjagyň dürli nusgalary, dutar ýasamak senetçiligine degişli gurallar görkezildi. Bu gyzyklanma döreden sergä gatnaşyjylara halkymyzyň gadymy senedi bolan milli saz gurallarynyň ýasalyş tärleri dogrusynda täsirli gürrüň berildi.
Bu ýerde geçirilen dabaraly çäräniň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Halk çeper döredijiligi boýunça hünärmen toparynyň mejlisiniň nobatdaky karary esasynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» adyna mynasyp bolan ildeşlerimiz sylaglandy. Sylaglananlaryň arasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli saz gurallaryny ýasaýan ussalar hem bar. Dessançy bagşylarynyň konserti has-da gyzykly boldy. Welaýatymyzyň köp sanly bagtyýar ýaşlary hem dessançy bagşylaryň konsertinden ruhy lezzet aldylar.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.