Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde guramagynda “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport çäresi geçirildi.
Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen bäsleşigiň dowamynda çagalar sportuň tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly görnüşleri boýunça özara bäsleşip, tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.