MEDENIÝET GÜLLEÝÄR, SUNGAT GÜL AÇÝAR

Ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak we olary wagyz etmek ýurdumyzda alnyp barylýan möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Milli mirasymyzy öwrenmekde we kämilleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň geçmişiniň ençeme şan-şöhratly sahypalaryny özünde jemleýän gymmatlyklarymyz aýalyp, arzylanyp saklanyp, bagtyýarlyk döwrümize nur bolup şugla saçýar. «Görogly» şadessanynyň, milli «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, Halyçylyk sungatynyň hem-de Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi şeýle gymmatlyklaryň halkara derejesine eýe bolmagy milli gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy dünýä tanatmakda alnyp barylýan işleriň netijeleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-sazlarymyz, teatr, kino, çeperçilik sungatymyz täze döwrebap belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň obalarynda, şäherlerinde, etraplarynda kitaphana ulgamynyň täze binalary gurlup, ol döwletimizdäki ykdysady ösüşleri, ylym-bilim, medeniýet, sungat ugrundaky nazaryýetleri öz içine alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli Medeniýetimiz sungatymyz has-da uly sepgitlere eýe bolýar. Her ýylda däp boluşy ýaly Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Şeýle dabaralaryň bir Daşoguz welaýat häkimligi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Daşoguz şäheriniň gözel künjekleriniň bir bolan «Görogly» meýdançasynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Baýramçylyk dabarasyna welaýatyň ähli ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynyň birnäçe halypalary gatnaşdylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen ajaýyp sahnada halypalar bilen bir hatarda ýaşlaryň hem ajaýyp aýdymlaryna-da uly orun berildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Alkyş size Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly ajaýyp aýdyma özleriniň ýürek buýsançlaryny goşdylar.

Aýnur ÝUSUPOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 6 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 11 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 5 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR