SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Türkmen sport» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Altyn Sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy wasp edýän suratlary ussatlyk bilen çekip, öz zehin-başarnyklaryny görkezen çagalara Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen ýagty ertirlere alyp barýan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek TEJENGELDIÝEWA,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY