Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Berkarar diýaryň milli medeniýeti» atly edebi agşam geçirildi.
Etrabyň merkezi kitaphanasynda geçirilen edebi agşamda çykyş edenler türkmen medeniýetiniň beýik ösüşleri, doganlyk halklar arasyndaky dostana gatnaşyklar, aýdym-saz festiwallar, medeniýet günleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem merkezi kitaphananyň göreldeli okyjylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabyndan dürdäne jümlelerden çykyş etdiler. Çärä gatnaşanlar merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy N.Satybaldyýewanyň «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy» atly kitap sergisine beren synyny diňlediler.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Laçyn AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.