Häzirki beýik taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Uly ösüşleri we beýik özgerişleri başdan geçirýän Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady kuwwatynyň artmagyna we ähli ugurlarda ösüş depgininiň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşmak ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň jana-jan borjudyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Ýalkym geňeşliginiň galla meýdanynda «Çäjiňe bereket edermen gallaçylar» atly şygar bilen aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresini geçirdi. Çärede galla oragy möwsüminde zähmet çekýän kärendeçiler, kombaýnçylar hem-de medeniýet merkeziniň aýdym-saz topary çykyş etdiler. Merdana gallaçylar ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlardan, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlaryndan ruhy lezzet aldylar. Geçirilen çärede öňdebaryjy kärendeçilere we kombaýnçylara jemgyýetçilik guramalar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Galla oragyna gatnaşýanlaryň päk zähmete bolan höwesini has-da artdyran çärede ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşant goşýan merdana gallaçylar oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.