Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda “Altyn damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty» atly sport bäsleşigi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çagalar öz deň-duşlary bilen özara bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek bilen bir hatarda, öz meşgullanýan sport görnüşleri boýunça tejribe alyşdylar. Sport bäsleşigi diýseň gyzgalaňly hem-de täsirli geçip, oňa gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.