WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalaryň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berilýändigi, dokma pudagynda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dokma senagatyny ösdürmek, türkmen dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da gowulandyrmak ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek TEJENGELDIÝEWA,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Iýul 2025 | 160 okalan

ÝÖRELGÄMIZ ÝAGŞY ÜNDEW

09 Iýul 2025 | 58 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK