DYNÇ ALYŞ — GYZYKLY DURMUŞ

Ýakynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Dynç alyş — gyzykly durmuş» atly bäsleşik geçirildi.

Çekeleşikli we gyzykly geçen çäräniň dowamynda işjeň gatnaşan çagalara Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Merkezde dynç alýan çagalaryň dynç alyş günleriniň has hem gyzyklylygyny we täsirliligini gazanmak maksady bilen aýdym aýtmak, goşgulary çeper okamak, kitap okamak, milli el işleriniň sergisi boýunça hem gurnaklar hereket edip, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesilleriň asuda, abadan, bagtyýar geljegi üçin netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Iýul 2025 | 160 okalan

ÝÖRELGÄMIZ ÝAGŞY ÜNDEW

09 Iýul 2025 | 58 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK