Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ajaýyp ýaz günlerinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, bagtly günleriň şaýady bolýar. Şeýle ajaýyp çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirildi.
«Aşgabat – gözelligiň nusgasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresine paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler bu günki gün ýurdumyzda gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamaty bolmak bilen, türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç duýgusyny döredýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat özüniň özboluşly bir owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň öňdebaryjy şäherine öwrülendigini, Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň sanynyň barha arýandygyny bellediler.
Şeýle-de bu günki günde paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalyp, Aşgabat durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde bütin dünýä ýüzünde ykrar edilýändigi, Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmeginiň hem munuň aýdyň mysalydygy barada uly buýsanç bilen bellediler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýaş aýdymçy-sazandalarynyň Watanymyzy, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi baýramçylyk duşuşygynyň şowhunyny we gözelligini artdyrdy.
Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.