IKI NESLIŇ DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýaşlaryň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ildeşlerimiz bilen geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Annamuhammet Gulow açyp, ýaşlary myhmanlar bilen tanyşdyrdy.

 Tylda zähmet çeken ildeşlerimiz öz çykyşlarynda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň kynçylyklary, häzirki bagtyýar döwrümiziň gadyr-gymmaty, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bimöçber işleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edip, ýaşlara watansöýüjilik bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini, maslahatlaryny berdiler.

Täsirli geçen duşuşygyň myhmanlary Watanymyzyň gülläp ösmegi, asmanymyzyň hemişe asuda, ýurdumyzyň parahat bolmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän, uruş weteranlarynyň, urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan eneleriň, tylda zähmet çekenleriniň sarpasyny belentde tutýan, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üns merkezinde saklaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aýjahan ÇALIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 20 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”

14 Iýul 2025 | 14 okalan

GALLA HALKYMYZYŇ RYSGALYDYR

09 Iýul 2025 | 111 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER