Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanan talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.
Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp ýigitler bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, öz saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler.
Ikinji şertde talyp ýigitler özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň üçünji şerti boýunça talyp ýigitler şorta sözleri aýdyp, degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler.
Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
Baş baýrak — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Saryýew Rüstem Döwrangeldiýewiç.
I orna — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Salyhberdiýew Hakmyrat Berdimyradowiç.
II orna — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmen başy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Allowow Bagtyýar Çaryguly ogly;
II orna — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Atabaýew Bezirgen Merdanowiç.
III orna — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şöhradow Mekan;
III orna — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ataýew Azymberdi Resulberdiýewiç;
III orna — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumaýew Serdar Salamowiç dagylar mynasyp boldular.
Şeýle hem, bäsleşige gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Haýdarow Süleýman Ýazgeldiýewiç “Edermen ýigit” diýip hormat haty;
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annaýew Garaja Serdarowiç “Türgen ýigit” diýip hormat haty;
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kemendirow Rahym Permanowiç “Ugurtapyjy ýigit” diýip hormat haty;
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Atageldiýew Şamuhammet Nedirmuhammedowiç “Ussat sazanda ýigit” diýip hormat haty;
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şyhberdiýew Röwşen Täçmuhammedowiç “Ylhamly ýigit” diýip hormat haty;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Amandurdyýew Umyt Wepaýewiç “Owazly ýigit” diýip hormat haty;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merdanow Mekan Merdanowiç “Şahandaz ýigit” diýip hormat haty bilen sylaglanyldy.
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Begmuhammet MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy
bölüminiň müdiri.