Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Weteranlar Geňeşiniň agzalary Begenç Öwlüýägulyýew we Tumarguly Suwhanow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Dädebaý Nazkulyýew, “Milli goşun” žurnalynyň edebi işgäri Aşyrmät Garlyýew dagylar çykyş edip, olar Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň hem-de D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen özara täsirli sorag-jogap alyşdylar.
Geçirilen döredijilik söhbetdeşliginiň ahyrynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ýokary ahlakly ýaş nesli terbiýelemek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.