GARAŞSYZ BITARAP TÜRKMENISTANYM

Topragyňda nebit-gazyň çykyp dur,

Bahry-Hazar tolkun urup akyp dur,

Bagyňda bilbiller nagma kakyp dur,

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym.

 

Soňsuz baýlyklaryň gory sende bar,

Kemerli dag, Garagumyň sende bar,

Parahatlyk, ynanyşmak sende bar,

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym.

 

Watan üçin edip elde baryny,

Gerek bolsa aýamaýar janyny,

Halk söýýär özüniň Arkadagyny,

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym.

 

Dutarda saýraýar şirin sazlaryň,

Degre-daşy gülli bahar ýazlaryň,

Bardyr sende uz bakyşly gyzlaryň,

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 152 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 160 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA

18 Sentýabr 2025 | 227 okalan

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY