Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde esgerleriň arasynda sport bäsleşigi geçirildi.
Esgerler sportuň küşt, şaşka, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, boks, milli göreş, dzýudo, sambo görnüşleri boýunça bäsleşip, erjelligini, ukyp-başarnygyny, sporta bolan höwesini gazanan ýeňişleri bilen subut etdiler. Ýeňiji bolan esgerlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent nesilleri kemala getirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Röwşen MODYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.