ÝYNDAM BEDEWLERI SAÝLAN MENZIL

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýyndam bedewleriň 15-niň gatnaşmagynda uzak aralyga atly ýöriş — marafon bäsleşigi geçirildi.

Gadymy Ahal ýaýlasynyň gözel künjeginde ir säherden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar  ýyndam bedewlere atlanan türgenleriň kalbyny joşa getirdi. Ýörite meýdançadan ýöriş bäsleşigine badalga berilmegi bilen, dor bedewleri seýisleýän türgenler bellenilen menziller boýunça uly ruhubelentlikde ýola düşdiler. Uzak aralyga — jemi 60 kilometr aralyk menzil boýunça geçen atly ýöriş bäsleşigi bedewleriň çydamlylygyny, erjelligini äşgär görkezdi.

Halypa atşynaslardan ybarat eminler topary iki tapgyryň jemi boýunça ýöriş bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, Milli atly sport merkezine degişli bolan, 10-njy belgide ýöriş bäsleşigine goşulan Polat diýen gara reňkli at ýeňiji boldy.

Annadurdy WALLAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 20 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”

14 Iýul 2025 | 14 okalan

GALLA HALKYMYZYŇ RYSGALYDYR

09 Iýul 2025 | 111 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER