WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň orta mekdeplerinde etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa we bilim bölümleriniň  bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

Okuwçy ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek hem-de olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyklarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy hem-de bagtyýarlyga ugrunda amala aşyrylýan işler, ýaş nesliň ylymly-bilimli, hünärli, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler.

Çykyşlarda ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna, durmuşyna hem-de jemgyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleri hakda aýdylyp, olardan daşda durmak boýunça ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler, maslahatlar berildi.

Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşyklaryň dowamynda halkymyzyň has-da eşretli durmuşy ugrunda bimöçber alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Leýli BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 25 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”

14 Iýul 2025 | 18 okalan

GALLA HALKYMYZYŇ RYSGALYDYR

09 Iýul 2025 | 115 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER