Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçen ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar emin agzalar tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylara netijeli çözgütleri bilen 16-njy orta mekdebiň topary birinji orna, 46-njy orta mekdebiň topary ikinji orna, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.
Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.