TÜRKMEN ZENANY WE MAŞGALA MUKADDESLIGI

Ýakynda Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji orta mekdebinde «Türkmen zenany-maşgala mukaddesligi» ady bilen gelin-gyzlaryň arasynda Türkmeniň Milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek bilen bagly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga mekdep mugallymlary hem-de ýokary synpda bilim alýan okuwçy gyzlar işjeň gatnaşyp olaryň çykyşlary dykgatly diňlenildi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadyp gelendigini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal wellaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 25 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”

14 Iýul 2025 | 18 okalan

GALLA HALKYMYZYŇ RYSGALYDYR

09 Iýul 2025 | 115 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER