MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINE SYÝAHAT EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guralyp, oňa Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli guralan syýahat örän täsirli boldy. Ýaşlar sergi zallaryna aýlanyp, taryhy eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy, olarda sergilenen gymmatly tapyndylar hakda ýaşlara ylmy maglumatlara esaslanyp gyzykly gürrüňleri berdiler.

Syýahatyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alnyp guralan söhbetdeşlik hem ýakymly duýgulary döretdi. Onda gadymy Änew topragynyň baý taryhy we şu güni hakda buýsançly söhbet açyldy. Bu çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň taryhy şöhratyny gaýtadan dabaralandyrýan, halkymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Guwanç HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 25 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”

14 Iýul 2025 | 18 okalan

GALLA HALKYMYZYŇ RYSGALYDYR

09 Iýul 2025 | 115 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER